Gazprom Ukraina Gaz Akdyrmagy Bes Etdi

Medwedew; “Şeýlelikde 1-nji martdan başlap Neftogaza tebigy gaz berilmez” diýdi

921204
Gazprom Ukraina Gaz Akdyrmagy Bes Etdi

Russiýanyň açyk paýdarlar jemgyýeti Gazprom düýnden başlap Ukraina tebigy gaz akdyrmagy bes etdi

Gazpromyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew žurnalistlere beren beýannamasynda Ukrainanyň tebigy gaz firmasy Neftogaz bilen tebigy gaz satuwy boýunça ylalaşyk gazanylyp bilinmändigini aýtdy.

Neftogaz mart aýynda akdyryljak tebigy gaz üçin eden töleginiň yzyna ugradylandyna ünsi çeken Medwedew; “Şeýlelikde 1-nji martdan başlap Neftogaza tebigy gaz berilmez” diýdi.

Merkezi Stokgolmda ýerleşýän Halkara Arbitraž kazyýeti öňňin çykaran kararynda Gazprom bilen Neftogazyň arasyndaky işi Neftogazyň bähbidine netijelendiripdi.

Gazpromyň Ukraina gaz bermek boýunça borçlaryny ýerine ýetirmändigine höküm eden kazyýet, Gazpromyň Neftogaza 2,56 milliard dollar tölemegi barada karar çykarypdy.

Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko Gazpromyň Ukrainanyň Neftogaz firmasyna karzyny tölemän halatynda emläkleriniň zamun alynmalydygyny aýtdy.

Poroşenko geçen ýyl Ukrainada ygtyýary çäklendirilen rus banklary Sberbank, WTB, BM Bank, Prominwestbank we WS Banka goýulan sanksiýalaryň möhletiniň uzaldyljakdygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar