“Mugallymlaryň ýaraglandyrylmagy mekdeplerde artan hüjümlere garşy täsirli bolup biler”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp mugallymlaryň ýaraglandyrylmagynyň mekdeplerde artan hüjümlere garşy täsirli bolup biljekdigini belledi

915547
“Mugallymlaryň ýaraglandyrylmagy mekdeplerde artan hüjümlere garşy täsirli bolup biler”

Donald Tramp ýurdyň Florida ştatynyň Parkland diýilen ýerindäki liseýde 17 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümden halas bolan okuwçylar we olaryň ene-atalary bilen Ak Tamda duşuşdy.

Okuwçylaryň hüjüm güni başyndan geçirenlerini we käbir ene-atalary diňläninden soň söz sözlän Tramp: “Eger ýarag ulanmagy bilen bir mugallymymyz bolsady, hüjümçini has çalt duzuyp bilerdi” diýdi.

Liseýde käbir mugallymlaryň gaçmaga mejbur bolandygyny aýdan Tramp: “Iň azyndan käbir mugallymlar ýanynda ýarag daşan bolsady, gaçmagyň ýerine hüjümçini duruzmaga synanyşyp bilerdi” diýdi.

Polisiýa işgärleriniň wakanyň bolan ýerine hüjümiň başlamagyndan 8 minut soň gelendigini aýdan Donald Tramp mekdeplerdäki mugallymlaryň 20 göterimine ýanlarynda ýarag daşamak rugsadyny bermek meselesini ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny belledi.

Gizlin daşamak hökmünde häsýetlendiren bu gollanmanyň ýaragy ulanyp bilýän adamlar üçin boljakdygyny aýdan Tramp: “Mugallymlar öz ýanlarynda gizlin ýagdaýda ýarag daşarlar. Ýörite tälimden geçerler we ganhorlar üçin ýaragsyz ýer galmaz” diýdi.

Florida ştatynyň Broward şäherinde geçen hepde 19 ýaşly Nikolaus Kruzyň Stoneman Duglas liseýine garşy guran ýaragly hüjüminde 17 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar