“ABŞ Russiýanyň hüjümlerine garşy Ukraina goldaw bermäge dowam eder”

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy 4 ýyl ozal Ýewropa degişli bolmagy saýlap alan ukrainanyň halkynyň Russiýanyň hüjümlerine sezewar bolandygyny mälim etdi

913954
“ABŞ Russiýanyň hüjümlerine garşy Ukraina goldaw bermäge dowam eder”

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy “ABŞ Ukraina goldaw bermäge dowam eder” diýip beýanat berdi.

Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Nauert Ukrainadaky ynkylabyň 4-nji ýyly mynasibetli ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatynda 4 ýyl ozal ukrainanyň halkynyň Kiew meýdanynda bir ýere jemlenşip Ýewropa degişli bomagy saýlap alandygyny ýatladan Nauert, başdan geçirlen wakalarda köp sanly adamyň ýogalandygyny belledi.

Nauert beýanatynda “ABŞ on müňlerçe adamyň ýogalmagyna we 1 million 600 müň adamyň öýlerini terk etmegine sebäp bolan Russiýanyň hüjümlerine garşy Ukraina goldaw bermäge dowam eder” diýdi.

Nauert Ukrainanyň 4 ýylda uly öňe gidişlik edendigini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar