Terror guramasy PÝD/PKK Başar Asad bilen ylalaşdymy?

Siriýada Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen çüňke gysylan terror guramasy PÝD/PKK Başar Asada bagly güýçleri bilen Afrin babatynda hyzmatdaşlygyny çaltlandyrdy

913459
Terror guramasy PÝD/PKK Başar Asad bilen ylalaşdymy?

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň we Azat Siriýa goşunynyň Afrinde demirgazyk, günbatar, demirgazyk-günbatar, günorta-günbatar we gündogar taraplarynda 70-den gowrak ýeri terrorçylardan saplamagyndan soň, PÝD/PKK gowy çüňke gabaldy.

Şol sebäpli gurama özüni goramak maksady bilen Asada tabynlykdaky güýçler bilen gepleşiklerini artdyrdy.

Geçen hepde Eýran tarapyndan goldanýan Hizbullaha ýakynlygy bilen bilinýän Maýadin telewideniýesi PÝD/PKK-nyň Afrini Asada bagly güýçlere bermek üçin ilkinji gepleşiklerini geçirendigini öňe sürüpdi.

Käbir çeşmeler Asada bagly güýçleriň Afrine birnäçe sagadyň dowamynda harby güýç iberejekdigini öňe sürýär.

Asada tabynlykdaky güýçler Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň 2016-njy ýyldaky Ýewfrat galkany operasiýasynda Bab etrabynyň günbatarynda TÝG we ASG bilen ekstremist terror guramasy PÝD/PKK-nyň arasynda bolan çaknyşyklarda terror guramasyna goldaw beripdi.



Degişli Habarlar