Russiýa täze raketasyny synagdan geçirdi

Russiýa howa goranyş ulgamyna degişli döwrebaplaşdyrlan täze raketany synagdan geçirdi

909087
Russiýa täze raketasyny synagdan geçirdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda täze raketanyň üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirilendigi mälim edildi.

Synagyň Gazagystandaky Sary-Şagan harby poligonynda geçirilendigi aýdylýan beýanatda uzaklyk, duýgurlyk we operasiýa ömri bilen täze raketanyň degişli taktiki we tehniki aýratynlyklarynyň häzirki ýaraglar bilen deňeşdirilende has hem güýçlidigi öňe sürüldi.

Beýanatda täze howa goranyş raketasynyň döwrebap materigara ballistik raketalar bilen birlikde ýeke we köp sanly hüjümleriň öňüni alyp biljekdigi bellendi.



Degişli Habarlar