Putin eýranly kardeşi Ruhani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Eýranyň döwlet Ýolbaşçysy Hasan Ruhani bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, Siriýa meselesi we Eýranyň ýadro meselesi barada pikir alyşdylar

904711
Putin eýranly kardeşi Ruhani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kremliň metbugat merkezinden berilen beýannama görä Siriýadaky soňky şertleri seljeren Putin we Ruhani, telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň arasynda Astana tapgyry boýunça dowam edýän üstünlikli hyzmatdaşlyga üns çekdi.

Russiýanyň Soçi şaherinde geçirilen Siriýanyň Milli Dialog Maslahaty barada-da pikir alyşan liderler, maslahatda MBG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň 2254 belgili kararyna laýyklykda Siriýada syýasy çözgüdiň tapylmagy boýunça kararlaryň kabul edilmeginde ylalaşandyklary beýan edildi.

Putin we Ruhani telefon söhbetdeşliginde Eýranyň ýadro maksatnamasy bilen bagly meseleleri çözmek üçin gazanylan “giň gerimli iş meýilnamasyna” bolan tabynlyklaryny hem nygtadylar.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada-da Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarifiň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendikleri nygtalyp, Siriýanyň Milli Dialog Maslahatynyň ýany bilen Gazagystanda geçiriljek “Bäşinji Hazar Maslahatyna” görülýän taýarlyklar barada pikir alyşandyklary mälim edildi.



Degişli Habarlar