Owganystanda Talibana agza 19 terrorçy öldürildi

Farýab welaýatynda Talibana garşy operasiýalar dowam eder

902331
Owganystanda Talibana agza 19 terrorçy öldürildi

 

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Farýab welaýatynyň Hoja Sabzpoş etrabynda geçirlen operasiýada Talibana agza 19 terrorçy öldürildi

Etrap häkimi Abdullah Masumi howpsyzlyk güýçleriniň etrapda Talibana garşy geçiren operasiýasynda gurama agza 19 terrorçynyň öldürlendigini aýtdy.

Operasiýada Talibana agza 23 terrorçy bilen 2 esgeriň ýaralanandygyny aýdan Masumi, howpsyzlyk güýçleriniň guramanyň gözegçiligi astyndaky Şaýhi etrapçasyny ele geçirendigini belledi.

Öldürlen terrorçylaryň arasynda guramanyň etrapdan jogapkär lideridigi aýdylýan Mewlewi Giýaseddin Müslümýar hem bar.

Farýab welaýatynda Talibana garşy operasiýalar dowam eder.



Degişli Habarlar