ABŞ Türkiýä guralan raketa hüjümine garşylyk görkezdi

“Türkiýäni nyşana alýan PKK tarapyndan guralýan ähli hüjümleri ýazgarýarys”

901957
ABŞ Türkiýä guralan raketa hüjümine garşylyk görkezdi

 

 

ABŞ ekstremist terror guramasy PKK/PÝD tarapyndan Türkiýä guralan raketa hüjümine garşylyk görkezdi.

Pentagonyň metbugat geňeşçisi Dana White bilen Baş ştabyň metbugat geňeşçisi general leýtenant Kenneth Mak Kenzie hepdelik metbugat ýygnagynda žurnalistleriň Türkiýe hakyndaky soraglaryna hem jogap berdi.

General leýtenant Kenneth Mak Kenzie Siriýanyň Afrin etrabyndaky terrorçylaryň Türkiýä garşy guraýan hüjümleri hakyndaky soraga “Türkiýäni nyşana alýan PKK tarapyndan guralýan ähli hüjümleri ýazgarýarys” diýip jogap berdi.

ABŞ-nyň Baş ştabynyň metbugat geňeşçisi ekstremist terror guramasy PKK-niň Siriýadaky bölegi ÝPG-den ybarat Siriýa demokratik güýçlerine ugradylan ähli ýaraglaryň diňe DAIŞ-e garşy göreşiň tamamlanmagyndan soň yzyna alynjakdygyny öňe sürdi.

Pentagonyň metbugat geňeşçisi bolsa “Türkiýe NATO agza ýurt we serhetleriniň howpsyzlygy meselesinde aladalanýar. ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy PKK-ny terror guramasy hökmünde yglan etdi. Türkiýäniň serhetlerinde käbir wakalar başdan geçirilýär. Türkiýe bilen käbir meselelerde garaýyş tapawutlylygy bolup biler emma birlikde işleşýäris. Serhetlerinde başdan geçirilýän wakalar meselesinde hem Türkiýe bilen birlikde işleşdik we işleşmäge dowam ederis” diýdi.



Degişli Habarlar