ABŞ-da orta mekdebe guralan ýaragly hüjümde 2 okuwçy ýaralandy

15 ýaşyndaky erkek hüjümçiniň ýagdaýynyň agyrdygy habar berildi

902089
ABŞ-da orta mekdebe guralan ýaragly hüjümde 2 okuwçy ýaralandy

ABŞ-nyň Los Anželes şäherinde orta mekdebe guralan ýaragly hüjümde 2 okuwçy ýaralandy.

Howpsyzlyk güýçleri hüjümde ulanylan ýaragyň ele geçirlendigini we ýagdaýyň gözegçilik astyna alynandygyny mälim etdi.

Hüjümden soň bejergi astyna alynan 15 ýaşyndaky erkek hüjümçiniň ýagdaýynyň agyrdygy, hüjümde ýaralanan 15 ýaşyndaky gyzyň bolsa saglyk ýagdaýynyň gowudygy habar berildi.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #orta mekdep , #okuwçy

Degişli Habarlar