Liwanyň Premýer ministri Türkiýä geler

Liwanyň Premýer ministri Saad Hariri Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň çakylygyna laýyklykda Türkiýä geler

899456
Liwanyň Premýer ministri Türkiýä geler

Saad Hariri 30-31-nji ýanwar aralygynda Türkiýede saparda bolar. 

Türk Premýer ministr liwanly kärdeşini 31-nji ýanwarda çarşenbe güni Çankaýa köşgünde resmi dabara bilen garşylar. 

Ikiçäk we toparara geçiriljek gepleşiklerde iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar we sebitleýin meseleler ele alynar. 

Esasan hem terrora garşy göreş, Siriýada başdan geçirilen soňky wakalar we bikanun göçler gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri bolar. 

Premýer ministr Ýyldyrymyň kärdeşine Türkiýäniň terrora garşy göreş babatynda eden göçümleri we Siriýanyň Afrin sebitinde terrorçylara garşy başladylan Zeýtun şahajygy operasiýasyny düşündirmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar