Amerikanyň Kentukki ştatyndaky liseýleriň birinde ýaragly hüjüm guraldy

Hadysada 2 okuwçy ýogaldy

895816
Amerikanyň Kentukki ştatyndaky liseýleriň birinde ýaragly hüjüm guraldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň Kentukki ştatyndaky liseýleriň birinde guralan ýaragly hüjümde 2 okuwçy ýogaldy, 17 okuwçy bolsa ýaralandy.

Ştatyň polisiýa gullugynyň resmisi Mişel Webb Kentukkiniň günorta-günbataryndaky Marşal sebiti liseýinde ýaragly hüjüm guran 15 ýaşly okuwçynyň göz tussaglygyna alynandygyny we jenaýat etmek bilen aýyplanjakdygyny habar berdi.  

Webb hüjümiň guralan mekdebiň ýapylandygyny nygtady.



Degişli Habarlar