ABŞ PKK terrorçylaryna “MANPADS” gönükdirilýän howa goranyş raketasyny berdi

Bu habar amerikaly ýolbaşça esaslandyrylýar

889333
ABŞ PKK terrorçylaryna “MANPADS” gönükdirilýän howa goranyş raketasyny berdi

ABŞ Siriýanyň Afrin etrabynda türk howa goranyş ulaglaryna we tanklaryna garşy ulanmaklary üçin ekstremist terror guramasy PKK terrorçylaryna “MANPADS” gönükdirilýän howa goranyş raketasyny berdi.

Siriýadaky soňky wakalar barada analiz çap eden “NSO” habarlar portalyna beýannama beren amerikaly ýolbaşçy omuza goýlup atylýan we howa goranyş ulaglaryny 8 kilometr aralykdan urma ukybyna eýe bolan gönükdirilýän ulgamlaryň PKK ugaradylandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň PKK beren ýaraglarynyň fotosuratlary hem ýaýradyldy.

ABŞ-nyň DAİŞ bahanasy bilen PKK terrorçylaryna ugradan 4 kilometr aralyklarda ulanmaga ukyply snaýper ýaraglary bilen birlikde “Konkurs” we “Tow” tank raketalaryny serhet ýakasyna ornaşdyryldy.

Terrorçylar ABŞ tarapyndan berilen ýaraglar Türk ýaragly güçlerine degişli dik uçary urup düşürip, esgerleri şehit edipdi.

PKK terrorçylarynyň ýolbaşçylary hem içerki propogandasynda “Türk tanklarynyň saklanmagyna” aýratyn üns berýär.


Etiketkalar: #ABŞ , #PKK , #terrorçylar , #dik uçar

Degişli Habarlar