Sergeý Lawow eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Soçide geçiriljek Siriýanyň Milli dialog kongresine takmynan 1700 adamyň gatnaşjakdygyny belledi

886992
Sergeý Lawow eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow eýranly kärdeşi Jewad Zarif bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Milli dialog kongresinden ozal Siriýada bolýan soňky wakalar barada pikir alyşdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda Lawrowyň Zarif bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň 2254 belgeli kararyna laýyklykda Siriýada syýasy çözgüt üçin ediljek işler barada pikir alyşandygy habar berildi.

Soçide geçirilmegi meýilleşdirilýän Milli dialog kongresi bilen baglanşykly pikir alyşan iki ministriň şeýle hem Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalary ele alandyklary mälim edildi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Soçide geçiriljek Siriýanyň Milli dialog kongresine takmynan 1700 adamyň gatnaşjakdygyny belledi.



Degişli Habarlar