Nigeriýada 107 terrorçy öldürildi

Operasiýalarda asuda ilatdan 1 adam bilen 3 esger hem ýogaldy

885374
Nigeriýada 107 terrorçy öldürildi

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda terror guramasy Boko Harama garşy geçirlen operasiýalarda 107 terrorçy öldürildi.

Operasiýalarda asuda ilatdan 1 adam bilen 3 esger hem ýogaldy.

Nigeriýanyň ýaragly güýçleriniň metbugat geňeşçi Sani Osman “Terror guramasy Boko Harama garşy geçirlen soňky operasiýalarda 107 terrorçy öldürildi. Sebitiň terrorçylardan saplanmagy maksady bilen geçirilýän operasiýalar sebäpli terrorçylar azyk önümlerini, ulaglaryny we haýwanlaryny taşlap gaçdylar” diýdi.

 



Degişli Habarlar