Nigerýada buthanadan çykan ynsanlar nyşana alyndy

Ýaragly hüjümde 21 adam ýogaldy

880135
Nigerýada buthanadan çykan ynsanlar nyşana alyndy

Nigerýanyň günorta günbatarynda ýerleşýän Kross Riwer welaýatynyň Omoku şäherinde buthanadan çykan ynsanlary nyşana alan ýaragly hüjümde 21 adam ýogaldy, köp sanly adam ýaralandy.

Omoku buthanasynyň ruhanysy Dandy Batuel ýaragly adamlaryň buthanadaky täze ýyl dabarasyna gatnaşan ynsanlary nyşana alandygyny habar berdi.

Ýaragly hüjümde ýogalanlaryň arasynda çagalaryň we zenanlaryň bardygy nygtaldy.

Hüjüm hakynda derňew işiniň gozgalandygy bellenildi.

 



Degişli Habarlar