“Şol karar Iýerusalim we Palestina gowgasy üçin uly ýeňişdir”

Arap Parlamentarlar bileleşigi BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň düzümine üýtgetme girizilmegine garaşýar

876886
“Şol karar Iýerusalim we Palestina gowgasy üçin uly ýeňişdir”

Arap Parlamentarlar bileleşigi BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Türkiýäniň tagallasy netijesinde taýarlanan Iýerusalim taslamasyny kabul edip taryhy karar alandygyny mälim etdi.

Bileleşik BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň düzümine üýtgetme girizilmegine garaşýandyklaryny aýan etdi.

Bileleleşik tarapyndan berlen beýanatda ABŞ-nyň prowokatiw Iýerusalim kararyna garşy BMG-nyň Baş Assambleýasynyň adalatyň ýanynda ýer alandygy ýatladyldy we “Şol karar Iýerusalim we Palestina gowgasy üçin uly ýeňişdir” diýildi.

Beýanatda Iýerusalimiň taryhy we keramatly ýerleriniň Ysraýylyň gözegçiligi astyna alyp bilinmejekdigi aýratyn bellenildi.

 

 


Etiketkalar: #Arap Parlamendi , #taryh , #gowga

Degişli Habarlar