Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagy sebäpli ýogalan palestinalylaryň sany 12-ä ýetdi

Trampyň Iýerusalim kararyna garşy geçirlýän protest ýörişleri dowam edýär

874969
Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagy sebäpli ýogalan palestinalylaryň sany 12-ä ýetdi

ABŞ-nyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararyna garşylyk görkezmek üçin geçirlen protest ýörişlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 12-ä ýetdi.

Gazzadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýanata görä, 15-nji dekabrda Gazanyň Ysraýyl serhedinde ysraýylly esgerler tarapyndan atylan 19 ýaşyndaky Muhammed Sami Al Dahduh ýogaldy.

Şeýlelikde ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde 6-njy dekabrda ykrar etmegi we Tel Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek üçin taýarlyk görmekleri üçin beren görkezmesinden soň başlan ýörişlerde  Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagy sebäpli ýogalan palestinalylaryň sany 12 adama ýetdi.

 



Degişli Habarlar