Hytaý ABŞ tarapyndan raýatlaryna sanksiýa goýulmagyna berk nägilelik bildirdi

Hua ABŞ-nyň adam hukuklary kazysy ýaly çemeleşmekden çetde durmagyny isledi

873975
Hytaý ABŞ tarapyndan raýatlaryna sanksiýa goýulmagyna berk nägilelik bildirdi

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hua Çunýing Pekinde geçiren nobatdaky metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň hytaýly polis gullukçysy Gao Ýany sanksiýa sanawyna goşmagyna reaksiýa bildirdi

ABŞ-nyň öz içerki kanunlaryna görä başga ýurtlaryň raýatlaryna sanksiýa goýmagyna garşylyk görkezen Hua, onuň uly nägilelik döredýändigini aýtdy.

Hua ABŞ-nyň adam hukuklary kazysy ýaly çemeleşmekden çetde durmagyny isledi.

ABŞ-nyň başga ýurtlaryň kazyýet erkinliğine goşulyşmaly däldigine ünsi çeken Hua, iki ýurduň arasynda adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň zyýan görmezliği üçin resmi Waşingtonyň ýalňyş çemeşmeleri düzetmelidigini aýtdy.

ABŞ-nyň Gazna ministrligi geçen ýyl Kongresde kabul edilen Global Magnitski adam hukuklary kanunyna laýyklykda çap edilen sanawa Hytaýyň raýaty, polis gullukçysy Gao Ýany hem goşupdy.


Etiketkalar: #Hytaý , #raýat , #kazyýet

Degişli Habarlar