Meksikada tusitleri daşaýan awtobus agdaryldy

Wakada 12 adam ýogaldy

872429
Meksikada tusitleri daşaýan awtobus agdaryldy

 

 

Meksikanyň gündogarynda syýahatçylary daşaýan awtobusyň agdarylmagy nwetijesinde 12 adam ýogaldy.

Kuiantana Roo welaýatynyň Graždan goranyşynyň metbugat geňeşçisi Wisente Martin beren beýanatynda Çakçobendäki gadymy Maýa halkyna degişli bolan ýerlere syýahat etmek isleýän syýahatçylary daşaýan awtobusyň agdarylandygyny habar berdi.

Awtobus heläkçiliginde ýogalan 12 adamyň 7-siniň amerikaly, 2-siniň şwesiýalydygyny aýdan Martin ýogalanlaryň 3-siniň haýsy ýurdyň raýatydygyny entek anyklap bilmändiklerini mälim etdi.

Resmiler waka bilen baglanşykly derňew geçirmäge başladylar.



Degişli Habarlar