"Türkiýe bilen wizasyz syýahatda soňky tapgyra gelindi"

ÝB Komissiýasynyň Göç, Içeri işler we raýatlyk işleri boýunça komisary Dimitris Awramopulos Türkiýe bilen wizasyz syýahatda soňky tapgyra gelinendigini aýtdy

856456
"Türkiýe bilen wizasyz syýahatda soňky tapgyra gelindi"

Awramopulos Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda dowam edýän wizasyz syýahat meselesinde ýakynda buşlukly habar berjekdiklerine ünsi çekdi.

Halkara hyzmatdaşlyk platformasynyň şu ýyl 8-njisi geçirilýän Bogaziçi maslahatynyň açylyş dabarasynda söz sözlän Awramopulos “Türk raýatlary üçin wizasyz syýahat döwrüniň başlamagy üçin geçirilýän gepleşiklerde soňky tapgyra gelindi. Gysga wagtda buşlukly habary bermek isleýäris. Wizasyz döwrüniň başlamagy bilen hyzmatdaşlarymyz has-da güýçlener” diýdi.

Awramopulos Prezident R. T. Erdoganyň Gresiýa gurajak saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny belledi.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Türkiýe , #wiza , #Erdogan , #sapar , #ÝB

Degişli Habarlar