ABŞ garşydaşlarynyň üstündäki artykmaçlygyny elinden aldyrdy

Danford: “Soňky 10-15 ýylda biziň artykmaçygymyz has hem peseldi. Artykmaçlygymyz indi ozalkysy ýaly uly däl” diýdi

849693
ABŞ garşydaşlarynyň üstündäki artykmaçlygyny elinden aldyrdy

ABŞ-niň Baş ştabynyň başlygy Jozef Danford ýurdunyň başda Russiýa we Hytaý bolmak bilen garşydaşlarynyň üstündäki artykmaçlygyny elinden aldyrandygyny belledi.

Massaçustes ştatyndaky Tufts uniwersitetinde çykyş eden Danford Russiýanyň, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň ABŞ-nyň söweş taktikalaryny gözden geçirip, öz mümkinçiliklerini we strategiýalaryny Waşingtonyň üstünligini iň az derejä peseldip özgerdendiklerini belledi.

Danford: “Soňky 10-15 ýylda biziň artykmaçygymyz has hem peseldi. Artykmaçlygymyz indi ozalkysy ýaly uly däl” diýdi.



Degişli Habarlar