“ABŞ-Russiýa gatnaşyklary gün saýyn erbetleşýär”

Russiýanyň Premýer ministri Dmitriý Medwedew ABŞ-Russiýa gatnaşyklarynyň gün saýyn erbetleşýändigini we soňky ýyllaryň iň pes derejesindedigini belledi

847791
“ABŞ-Russiýa gatnaşyklary gün saýyn erbetleşýär”

Russiýanyň Premýer ministri Dmitriý Medwedew we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Filippinlerde Günorta-gündogar Aziýa ýurtlary Bileleşigi maslahatynyň çäginde berilen agşam naharynda duşuşdy.

"Russiýa-ABŞ gatnaşyklary soňky 10 ýylyň iň pese derejesinde" diýen Dmitriý Medwedew: “ABŞ Russiýa garşy embargo goýýar we duşman diýip yglan edýär” diýdi.

Dmitriý Medwedew Russiýanyň ABŞ-nyň islendik embargosyna taýardygyny habar berdi.

ABŞ Russiýanyň 2014-nji ýylda Krymy basyp almagyndan bäri bu ýurda nägile.

Iki ýurdyň arasynda Siriýa başda bolmak bilen ençeme ugurda düşünişmezçilikler başdan geçirilýär.



Degişli Habarlar