Saud Arabystanyndan soň Kuweýt hem Liwandaky raýatlaryndan gyssagly ýurdy terk etmeklerini isledi

"Liwanda başdan geçirilýän soňky wakalaryň Liwanda ýaşaýan raýatlarymyza ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigi sebäpli gyssagly ýurdy terk etmeklerini isleýäris”

844688
Saud Arabystanyndan soň Kuweýt hem Liwandaky raýatlaryndan gyssagly ýurdy terk etmeklerini isledi

 

Saud Arabystanyndan soň Kuweýt hem Liwandaky raýatlaryndan gyssagly ýurdy terk etmeklerini isledi.

Kuweýdiň resmi habarlar gullugy KUNA-nyň habaryna görä, Daşary işler ministrliginiň beýanatynda “Liwanda başdan geçirilýän soňky wakalaryň Liwanda ýaşaýan raýatlarymyza ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigi sebäpli gyssagly ýurdy terk etmeklerini isleýäris” diýildi.

Kuweýdiň daşary işler ministrligi raýatlaryna Liwana gitmezligi maslahat berdi we Liwandaky raýatlaryna haýsydyr bir garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykan halatynda gyssagly Kuweýdiň Liwandaky ilçihanasyna ýüz tutmaklary barada çagyryş berdi.



Degişli Habarlar