Fransiýanyň Prezidenti Makron garaşylmadyk ýagdaýda Saud Arabystanyna bardy

Makron Liwanyň territorial bitewiliginiň goralyp saklanmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi

845088
Fransiýanyň Prezidenti Makron garaşylmadyk ýagdaýda Saud Arabystanyna bardy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Birleşen Arap Emirliklerine guran saparyndan soň garaşylmadyk ýagdaýda Saud Arabystanyna bardy.

Makronyň Riýada guran saparynyň gün tertibinde terrora garşy göreş we Eýranyň balistiki roketa hüjümleri esasy orun eýeledi.

Makron terrora garşy göreşde Saud Arabystany bilen işleşmegiň sebitiň durnuklylygy we iki taraply gatnaşyklaryň ösdürilmegi taýdan möhümdigini aýtdy.

Fransiýanyň Prezidenti Saud Arabystanyna guran saparynda Liwanyň territorial bitewiliginiň goralyp saklanmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar