Ýemende ýekşenbe güni guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 46 adama ýetdi

Hüjümin jogapkärçiligini bolsa terror guramasy DAIŞ öz üstüne alypdy

842691
Ýemende ýekşenbe güni guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 46 adama ýetdi

Ýemeniň wagtlaýyn paýtagty Aden şäherinde ýekşenbe güni howpsyzlyk merkezini nyşana alan hüjümde ýogalanlaryň sany 46, ýaralananlaryň sany bolsa 47 adama ýetdi.

Ýemeniň İçeri işler ministrliginiň internet saýtynda berlen habarda hyýanatçylykly hüjümde 46 adamyň ýogalandygy, 47 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Aden şäherinde ýekşenbe güni guralan hüjümde 5-i hüjümçi bolmak bilen 23 adamyň ýogalandygy, 28 adamyň hem ýaralanandygy nygtalypdy.

Hüjümin jogapkärçiligini bolsa terror guramasy DAIŞ öz üstüne alypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar