Yragyň howpsyzlyk güýçleri jedelleşikli ähli ýerlerde gözegçiligi üpjün etdi

Yragyň Premýer ministri terror guramasy DAIŞ-iň soňky galasy hökmünde bilinýän Kaimiň hem ýakynda halas ediljekdigini ýatlatdy

838196
Yragyň howpsyzlyk güýçleri jedelleşikli ähli ýerlerde gözegçiligi üpjün etdi

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abady Bagdatda metbugata beren beýanatynda Yragyň Kürt Awtanomiýasyndaky käbir köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň merkezi hökümete garşy berýän öjükdiriji habarlarynyň kabul edilip bilinmejekdigini nygtady we “Bu harby jenaýatdyr” diýdi.

Yragyň howpsyzlyk güýçleriniň jedelleşikli ähli ýerlerde gözegçiligi üpjün edendigini aýdan Abadi Peşmergeleriň we Yragyň Kürt Awtanomiýasyndaky gullukçylaryň aýlyk günlüklerini ýakynda berjekdiklerini belledi.

Yragyň Premýer ministri terror guramasy DAIŞ-iň soňky galasy hökmünde bilinýän Kaimiň hem ýakynda halas ediljekdigini ýatlatdy.

Asuda ilatyň “Erbain” çärelerinde ünsli bolmaklaryny islän Abady, halka terrorçylykly hüjümiň guralyp bilinjekdigi dogrusynda duýduryş berdi.

Kerbelada Hezreti Hüseýiniň öldürilmegi, her ýyl Aşure gününde hatyralanýar.

Şaýylarda hijri kamary kalendaryna görä Aşure gününden 40 gün soň geçirilýän hatyralama çärelerine Erbain ýagny 40-njy gün çäreleri diýilýär.

 



Degişli Habarlar