Ýemende Husiler bilen Ýemeniň ýaragly güýçleriň arasynda bolan çaknyşykda 13 adam ýogaldy

Ýemeniň Taiz şäherinde Husiler bilen Ýemeniň ýaragly güýçleriň arasynda bolan çaknyşykda 13 adam ýogaldy

838265
Ýemende Husiler bilen Ýemeniň ýaragly güýçleriň arasynda bolan çaknyşykda 13 adam ýogaldy

Taiz şäheriniň günbatarynda ýerleşýän Jebel Al İkab daglarynda Husiler bilen ýaraly güýçleriň arasynda bolan çaknyşykda 8 adam hem ýaralandy.

Ýemeniň ýaragly güýçleri Dali şäherinde husilere degişli uçarmansyz howa ulagyny urup düşürdi.

Birnäçe wagtdan bäri syýasy durnuksyzlygy başdan geçirýän Ýemende legal hökümeti agdaran Husiler bilen oňa goldaw berýän Salihiň tarapdarlary 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri paýtagt Sana bilen birlikde käbir etraplary gözegçiligi astynda tutýar.

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçleri bolsa 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Ýemeniň hökümetine goldaw berýär.

 



Degişli Habarlar