ABŞ-nyň Döwlet sekretary Tillerson Pakistanda saparda boldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Reks Tillerson Pakistanyň Premýer ministri Şahid Hakan Abbasi bilen duşuşdy

833832
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Tillerson Pakistanda saparda boldy

Abbasi Tillersony we ýanyndaky wekiliýeti paýtagt Yslamabatdaky Premýer ministrlik ofisinde kabul etdi.

Duşuşyga şeýle hem Pakistanyň Daşary işler ministri Hoja Muhammed Asyf, Goranmak ministri Hurram Dastgir Han, Içeri işler ministri Ahsan Ikbal, Guryýer goşunlarynyň serkerdesi Kamar Jawid Bajwa we Edaralaryň arasyndaky razwedka gullugynyň başlygy Nawid Muhtar dagylar gatnaşdylar.

Duşuşyk metbugata ýapyk häsýetde geçdi.

Diplomatiki çeşmeler maslahatda terrora garşy göreş, ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitiň beýleki meseleleriniň ele alynandygyny mälim etdiler.

Beýleki tarapdan Tillersonyň howa menzilinde Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň orta derejeli resmisiniň garşylamagy sowuk bir garşylama hökmünde häsýetlendirildi.

Waşigton-Yslamabad gatnaşyklar ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Günorta Aziýa syýasatyny mälim eden awgust aýynda dartgynlaşypdy.

Tramp şol wagt Pakistany terrorçylaryň ýurtda ýaşamagyna göz ýummak bilen günäkärläpdi.

Pakistan bolsa Donald Tramp tarapyndan öňe sürülenleri ret edip, ABŞ-nyň radikallara garşy göreşinde asuda ilatdan müňlerçe adamyň ýogalandygyny belläpdi.



Degişli Habarlar