"Ýakyn Gündogaryň parahatçylygyna we durnuklylygyna abanýan her bir howp Eýran bilen arabaglanşykly"

Haleý Eýrany terrora we sebitara durnuksyzlyga sebäp bolmakda günäkärledi

830192
"Ýakyn Gündogaryň parahatçylygyna we durnuklylygyna abanýan her bir howp Eýran bilen arabaglanşykly"

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Haleý, Ýakyn Gündogaryň parahatçylygyna we durnuklylygyna abanýan her bir howpyň Eýran bilen arabaglanşyklydygyny öňe sürdi.

Haleý BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde eden çykyşynda Ýakyn Gündogara abanýan her bir howpyň arkasynda Eýranyň bardygyny öňe sürdi.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde geçirlen Ýakyn Gündogar we Palestina temaly maslahatda çykyş eden Haleý, çykyşynda Eýrany berk tankyt etdi.

Haleý Eýrany terrora we sebitara durnuksyzlyga sebäp bolmakda günäkärledi.

Russiýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Wassily Nebenzia bolsa Haleýiň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Palestina meselesine garalan maslahatda Palestina meselesi hakynda hiç hili garaýyş beýan etmändigine ünsi çekdi.

Nebenzia “ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekiliniň Palestina meselesi hakynda hiç hili garaýyş beýan etmezligi arzuw hyýalymy puja çykardy” diýdi.

Palestina meselesinde hiç hili öňe gidişligiň edilmändigine gynanç bildirýändiklerini aýdan Nebenzia, Ysraýyl-Palestina meselesiniň çözülmegi üçin edilýän tagallalara goldaw berilmelidigini nygtady.


Etiketkalar: #ABŞ , #BMG , #Eýran , #Nikki Haleý

Degişli Habarlar