Ispaniýanyň Konstitutsion kazyýeti Kataloniýa bilen bagly möhüm karar kabul etdi

Ispaniýanyň Konstitutsion kazyýeti ozal degişli kanunyň kanuna laýyklygyny derňemek üçin goý bolsun edendigini mälim edipdi

829002
Ispaniýanyň Konstitutsion kazyýeti Kataloniýa bilen bagly möhüm karar kabul etdi

Ispaniýanyň Konstitutsion kazyýeti Katalon hökümetiniň 1-nji oktýabrdaky garaşsyzlyk referendumyny geçirip bilmek üçin ýerli parlamentde 6-njy sentýabrda kabul eden referdndum kanunynyň güýçsizdigini yglan etdi.

El Pais gazedi kazyýetiň wekilleriniň bir agyzdan Kataloniýanyň hökümetiniň 6-njy sentýabrda ýerli parlamentde kabul eden referendum kanunynyň güýçsizidigini belländiklerini habar berdi.

Ispaniýanyň Konstitutsion kazyýeti ozal degişli kanunyň kanuna laýyklygyny derňemek üçin goý bolsun edendigini mälim edipdi.

Emma Ispaniýanyň Konstitutsion kazyýetiniň kararyna garamazdan Kataloniýanyň hökümeti 1-nji oktýabrda garaşsyzlyk referendumyny geçiripdi.

Beýleki tarapdan Kataloniýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Jordi Turull Ispaniýanyň özlerinden penşenbe güni bermegimizi garaşýan jogabyň duşenbe günündäkiden tapawutly bolmajakdygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar