Yragyň Premýer ministri "referendumyň netijelerini ykrar etmeris" diýdi

“Yrak etniki we messep taýdan bölünmek howpyny başdan geçirýär"

813469
Yragyň Premýer ministri "referendumyň netijelerini ykrar etmeris" diýdi

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň bikanun ýagdaýda geçirýän garaşsyzlyk referendumynyň netijelerini ykrar etmejekdiklerini aýtdy.

Döwlet telewideniýesi arkaly halkara ýüzlenip çykyş eden Abadi “Yrak etniki we messep taýdan bölünmek howpyny başdan geçirýär. Yrakda täze döwletiň gurulmagyny kabul etmeris. Bu Saddam ulgam ýaly netijesiz bolar” diýdi.

Referendumyň ýurduň we sebitiň howpsyzlygy taýdan diýseň howplydygyny nygtan Abadi “Referendumyň netijesini ykrar etmeris. Ýurduň jebisligini we raýatlaryň howpsyzlygyny goramak üçin degişli çäreleri göreris” diýdi.

Abady referendumdan soň hiçbir ýurduň Yragyň Kürt Awtanomiýasyna goldaw bermejekdigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar