Russiýa ABŞ-a duýduryş berdi

Konaşenkow Demokratik Siriýa Güýçleriniň ýerleşýän ýerlerinden hüjüm guralan halatynda sebite od açyljakdygyny aýtdy

811441
Russiýa ABŞ-a duýduryş berdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow ABŞ tarapyndan goldanýan Demokratik Siriýa Güýçleri DSG-niň gözegçiligi astyndaky ýerlerden Siriýanyň hökümetine degişli ýerlere 2 gezek od açylandygyny ýatladyp, hüjümleriň gaýtalanan halatynda garşylyk görkezjekdiklerini habar berdi.

Igor Konaşenkow: “Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky Demokratik Siriýa Güýçleriniň we ABŞ-nyň gözegçiligi astyndaky ýerlerden Siriýanyň hökümetiniň gözegçiligi astyndaky ýerlere 2 aýry gezek od açyldy. Bu sebitlerde Siriýanyň Ýaragly güýçleri bilen birlikde DAIŞ-e garşy ýörite operasiýalarymyzy dowam etdirýäris. Şol sebäpli ýörite aragatnaşyk kanallarymyz arkaly ABŞ-nyň goşunynyň Katardaky harby bazasyna Demokratik Siriýa Güýçleriniň gözegçiligi astyndaky sebitlerden guralan bu hüjümleriň iň tiz wagtda duruzylmagyny isledik” diýdi.

Demokratik Siriýa Güýçleriniň ýerleşýän ýerlerinden hüjüm guralan halatynda sebite od açyljakdygyny aýdan Konaşenkow: “Ol sebitdäki söweşjeň liniýalara her dürli ýollar bilen iň tiz wagtda od açylar” diýdi.



Degişli Habarlar