Siriýada hyzmatdaş güýçleriň guran howa hüjüminde 22 adam ýogaldy

Siriýada ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki DAIŞ-e garşy hyzmatdaş güýçleriň guran howa hüjüminde asuda ilatdan 22 adam ýogaldy

Siriýada hyzmatdaş güýçleriň guran howa hüjüminde 22 adam ýogaldy

Siriýanyň resmi habarlar agentligi SANA-nyň sebitdäki şaýatlara esaslanyp beren habarynda hyzmatdaş güýçleriň uçarlarynyň Rakka şäherinde ýaşaýyş jaýlaryň birine bomba atandygy, hüjümde aglabasy çagalardan we zenanlardan ybarat azyndan 11 adamyň ýogalandygy mälim edildi.

Habarda mundan başgada Deýruz Zoryň demirgazygyndaky Şahabat obasynda guralan howa hüjüminde hem asuda ilatdan 11 adamyň ýogalandygy bellendi.

Hyzmatdaş güýçler Siriýanyň Rakka we Deýruz Zor sebitlerinde Demokratik Siriýa güýçleriniň terror guramasy DAIŞ-e garşy alyp barýan operasiýasyna goldaw berýär.

Damask hökümeti bolsa özüniň rugsaty bolmadan hereket edýändigi üçin hyzmatdaş güýçleriniň hüjümlerini bikanun hökmünde kabul edýär.

2015-nji ýylda döredilern hyzmatdaş güýçler geçen aý beren beýanatynda Siriýada we Yrakda DAIŞ-e garşy guralan operasiýalarda asuda ilatdan azyndan 685 adamyň ýalňyşlyk bilen öldürilendigini boýun aldy.


Etiketkalar: Deýruz Zor , Damask , Rakka , DAIŞ , Siriýa

Degişli Habarlar