ABŞ bilen Russiýanyň arasynda ýene-de bir dartgynlyk ýüze çykdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlyk ýaňadandan möwjedi

799776
ABŞ bilen Russiýanyň arasynda ýene-de bir dartgynlyk ýüze çykdy

Resmi Moskwanyň geçen aý amerikan diplomatlaryň aglabasynyň ýurtdan çykmagyny islemegine garşy resmi Waşington hem başga bir göçüm etdi.

Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet Russiýadan San-Fransiskodaky konsullygyň ýapylmagyny isledi.

Mundan başgada Waşingtondaky we Nýu-Ýorkdaky iki konsullyga degişli desgalaryň ýapylmagy üçin hem 48 sagat möhlet berdi.

Rus diplomatlaryň sanynyň azaldylmagy hem göz öňünde tutulýar. 

Iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar Moskwanyň 2016-njy ýylda geçen prezident saýlawlaryna garjaşandygy baradaky öňe sürmelerden soň dartgynlaşypdy.

Taraplar ikitaraplaýyn ýagdaýda diplomatik missiýalaryň azaldylmagyny talap edipdiler.

Soňky gezek bolsa Russiýa geçen aý 755 amerikan diplomatyň ýurdy terk etmegini isläpdi.



Degişli Habarlar