Owganystanda DAIŞ-li 14 terrorçy öldürildi

DAIŞ-e garşy howa hüjümi guraldy

798660
Owganystanda DAIŞ-li 14 terrorçy öldürildi

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynyň Açin etrabynda guralan howa hüjüminde DAIŞ-li 14 terrorçy öldürildi.

Welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Ataullah Hogýani NATO degişli uçarmansyz howa ulagynyň Açin etrabynyň Mamand Mergeý we Sathan etrapçalarynda DAIŞ-e degişli ýerleri bombalandygyny nygtady.

Hüjümde DAIŞ-e agza 14 terrorçynyň öldürlendigini ýatladan Hogýani, ýogalanlaryň arasynda 1 zenan terrorçynyň hem bardygyny aýtdy.

Hogýany howa hüjüminde asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin ünsli çemeleşilendigini belledi.



Degişli Habarlar