Telaferde 72 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yrakda türkmen şäheri Telaferde terror guramasy DAIŞ-e garşy guralýan gury ýer operasiýasynda 72 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

795398
Telaferde 72 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Operasiýanyň 4-nji gününde Telaferiň merkezine golaýlan Yragyň ýaragly güýçleri 11 etrapçada gözegçiligi ele geçirdi.

Gündogarda DAIŞ-e degişli tälim merkezi, günortada bolsa Sinjar ýolunyň ugrunda ýerleşýän Al Hüseýin hassahanasy ele geçirildi. Şeýlelikde 300 inedördül kilometrlik meýdanda gözegçilik üpjün edildi.

Terror guramasy bolsa kamikaze hüjümleri we ýola goýan minalary bilen operasiýanyň öňüni almaga çalyşýar.

Telaferiň merkezi bilen 36 oba henizem DAIŞ-iň gözegçiligi astynda.

Beýleki tarapdan howpsyz zolaklara geçmäge çalyşýan asuda ilata berilýän kömekler hem dowam edýär.



Degişli Habarlar