Türkler Putine Trampdan köpräk ynanýar...

Ylmy-derňewde rus liderine iň köp ynanýan ýurtlaryň Gresiýa we Liwandygy ýüze çykdy

791803
Türkler Putine Trampdan köpräk ynanýar...

Merkezi ofisi ABŞ-da ýerleşýän Pew ylmy-derňew kärhanasyna görä 36 ýurtda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramdan köpräk ynanylýar.

Şol ýurtlaryň arasynda Türkiýe hem bar.

Ylmy-derňewde rus liderine iň köp ynanýan ýurtlaryň Gresiýa we Liwandygy ýüze çykdy.

Bu ýurtlarda Putine ynanýan adamlaryň sany Donald Trampa garanyňda 31 göterim köp.

Wýetnamda bolsa şol tapawut 21 göterime deň.

Aslyna garanyňda Wýetnamda liderleriň ikisinede ynanýan adamlaryň sany örän köp.

Wýetnamlylaryň 79 göterimi Putine, 58 göterimi bolsa Trampa ynanýandyklaryny bellediler.

Putiniň ABŞ-nyň hyzmatdaşy bolan ýurtlarda Trampadan has ynamdar bolmagy ünslerden gaçanok.

Germaniýada halkara gatnaşyklarda Putine ynanýanlaryň sany 25 göterime deň bolýan bolsa, Trampa ynanýan adamlaryň sany şol san 11 göterime deň.

Günorta Koreýada bu görkezijiler 27 we 17 göterim, Fransiýada 18 we 14 göterim, Ýaponiýada 28 we 24 göterim, Italiýada 26 we 25 göterim.

Iki liderede iň az ynanýan ýurt Ispaniýa boldy. Bu ýurtda Putine ynanýanlaryň sany 7 göterim, Trampa ynanýan adamlaryň sany bolsa 5 göterim boldy.

Britaniýada, Awstraliýada we Kanadada Trampa ynanýanlaryň sany Putine ynanýan adamlaryň sanyndan biraz bolsada köp.

Ysraýylda bolsa Trampa ynanýan adamlaryň sany Putine garanyňda 28 göterim köp.



Degişli Habarlar