ÝB Russiýa täze sanksiýa goýulmagyna garşy

Ýunker: “ABŞ-na garşy ykdysady bähbitlerimizi goramaga taýardyrys” diýdi

782857
ÝB Russiýa täze sanksiýa goýulmagyna garşy

ÝB Komissiýasynyň başlygy Žan Kloud Ýunker Russiýa täze sanksiýa goýulmagy hakyndaky taslamanyň tassyklanylmagyndan soň beren beýanatynda “ABŞ-na garşy ykdysady bähbitlerimizi goramaga taýardyrys” diýdi.

Ýunker Russiýa täze sanksiýa goýulmagy hakyndaky taslamanyň Ýewropanyň aladalaryny nazarda tutýandygyny emma “taslama ykdysady bähbitlerimize zeper ýetiren halatynda birnäçe güniň dowamynda garşy göçüme geçmäge  hem taýardyrys”diýdi

Ýewropaly käbir ýurtlar Russiýadan Germaniýa tebigy gaz akdyrjak Demirgazyk Akym turba geçiriji taslamasy ýaly uly taslamalara maýa goýan Ýewropaly firmalaryň täze sanksiýa kararyndan soň ýitgi çekmegine alada bildirýär.



Degişli Habarlar