“Resmi Waşington bilen gatnaşyklarymyzyň kadalaşmak umydy galmady”

Russiýanyň Premýer ministri Dimitriý Medwedew ABŞ-nyň özlerine garşy söwda taýdan söweş yglan edendigini aýtdy

782802
“Resmi Waşington bilen gatnaşyklarymyzyň kadalaşmak umydy galmady”

Russiýa täze sansksiýa goýulmagy hakyndaky taslamanyň kanunlaşmagy sebäpli ABŞ bilen edýän gatnaşyklarynyň indi kadalaşmak ähmitallygynyň galmandygyny aýdan Medwedew; “ABŞ bu göçümi bilen Russiýa garşy söwda taýdan söweş yglan etdi” diýdi.

Medwedew Facebook arkaly beren beýanatynda “Amerikan hökümeti bilen gatnaşyklarymyzyň kadalaşmak umydy galmady”diýip belledi.

Trampyň Amerikanyň içerki göreşde ýeňilendigini öňe süren Medwedew “Prezident Tramp täze sanksiýalardan hoşal däl emma taslamany tassyklamaly boldy. Taslamanyň Trampyň wezipesinden boşadylmagynyň başlangyjy bolmagy maksat edinilýär. Olaryň pikirine görä ulgama degişli bolmadyklar ýok edilmeli”diýdi

 

 



Degişli Habarlar