Kataryň Daşary işler ministri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Al Sani telefon söhbetdeşliginde Pars aýlagynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat berdi

781183
Kataryň Daşary işler ministri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Kataryň Daşary işler ministri Şyh Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson, Britaniýanyň Daşary işler ministri Boris Jonson we Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Al Sani telefon söhbetdeşliginde Pars aýlagynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Britaniýanyň we Fransiýanyň Daşary işler ministrleri ozal Aýlag ýurtlaryna guran saparlarynyň çäginde krizisiň dialog arkaly çözülmegine goldaw berýändiklerini mälim edipdi.

Pars aýlagyndaky krizis 5-nji iýunda Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Bahreýiniň we Müsüriň Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny bes etmegi bilen başlapdy.

 



Degişli Habarlar