Ysraýyl 50 ýaşyndan aşakdaky erkekleriň Aksa metjidine girmegini gadagan etdi

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri 50 ýaşyndan aşakdaky erkekleriň Aksa metjidine girmegini gadagan etdi

779183
Ysraýyl 50 ýaşyndan aşakdaky erkekleriň Aksa metjidine girmegini gadagan etdi

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýanatda, palestinalylaryň şu gün ýöriş guramaga taýarlanýandygy hakyndaky habarlardan soň berk howpsyzlyk çäreleriniň görlendigi we käbir ýollaryň gatnawa ýapylandygy nygtaldy.

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri 14-nji iýulda anna güni Aksa metjidine ýaragly hüjüm gurandygy bahanasy bilen 3 palestinaly öldüripdi, wakada ýaralanan ysraýylly 2 howpsyzlyk işgäriniň bolsa bejergi alýan hassahanasynda ýogalandygyny mälim edipdi.

Wakadan soň Aksa metjidini ybadata ýapan Ysraýyl Harem-i Şerifiň iki gapysyny 16-nji iýulda ýekşenbe güni açdy emma bu gezek metjide gelýänleri ýeke-ýekeden barlamaga başlady.

Ysraýylyň Howpsyzlyk geňeşiniň alan kararyna laýyklykda Aksa metjidiniň gapylaryndaky barlaglar bes edildi.

Musulmanlar İýerusalymly alymlaryň çagyryşyna laýyklykda düýn ikindi namazyny okamak üçin Harem-i Şerife gitdi.

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri ilki Aksanyň käbir gapylaryny açmady, palestinalylaryň görkezen garşylygy sebäpli Aksa metjidiniň ähli gapylary açyldy we on müňlerçe adam Harem-i Şerife girmäge başlady.

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri bolsa Aksa metjidiniň içindäki we daşyndaky palestinalylara ses bombalary we plastiki gülle bilen garşylyk görkezdi we Esbat gapysyndan başga metjidiň ähli gapylaryny ýapdy.

Wakada 100-den gowrak palestinaly ýaralandy.

 



Degişli Habarlar