Türkiýe-ÝB Ýokary derejeli siýasy dialog maslahaty geçirildi

Türkiýe-Ýewropa Bileleşigi Ýokary derejeli siýasy dialog maslahaty Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirildi

777716
Türkiýe-ÝB Ýokary derejeli siýasy dialog maslahaty geçirildi

Maslahatdan soň metbugat işgärlerine beýanat beren ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Ömer Çelik ÝB-e agzalyk gepleşikleriniň Türkiýe-Ýewropa gatnaşyklarynyň esasy düzümini emele getirýändigini belläp: “Bulary bir gyra aýyryp energetika, söwda ýa-da terrora garşy göreş ýaly ençeme ugurda gatnaşygy özgertmek barada gürrüň bolup bilmez” diýip habar berdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly maslahatda Türkiýäni we ÝB-ni gyzyklandyrýan agzalyk gepleşiklerini, energetika, gümrük birligi ylalaşygynyň täzelenmegi, terrora garşy göreş, bosgunlar bilen baglanşykly ylalaşygyň ýola goýulmagy ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi.

Türkiýe-ÝB gatnaşyklaryndaky meseleleriň çözülmegi üçin dialogyň we hyzmatdaşlygyň dowam edip güýçlenmelidigine ünsi çeken Çawuşogly düşünje tapawutlylyklarynyň hem ortadan aýrylmalydygyny nygtady.

ÝB Komissiýasynyň Giňelmekden we goňşuçylyk syýasatlaryndan jogapkär agzasy Ýohannes Hahn bolsa Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyna konstruktiw çykyşyna minnetdarlyk bildirip sözüne başlady. Hahn: “Bosgun meselesiniň çözüwinde oňyn öňe gidişlikler edildi we şonuň saýasynda ençeme adam halas edildi. Türkiýe bosgunlar üçin çadyr düşelgelerini gurdy we nusgawy myhmansöýerlik görkezýär. Türkiýedäki bosgunlar üçin 2,9 milliard ýewro aýryldy. Bu gaznalaryň şu ýylyň ahyryna çenli bellenilen ýerlere ýetjekdigini ynanýarys” diýdi.

Soňky bolup çykyş eden ÝB-niň Ýokary wekili Federika Mogerini hem maslahatyň örän gowy deçendigini belläp: “Türkiýe ÝB-e dalaşgär we strategik taýdan hyzmatdaş bir ýurtdygyny ýatdan çykarmaly däldiris” diýdi.



Degişli Habarlar