"Embargo Russiýanyň ABŞ-daky duşmanlary tarapyndan bilkastlaýyn kabul edildi"

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow ABŞ-nyň ýurduna goýan embargosyna degişli jogabyň beriljekdigini aýtdy

777972
"Embargo Russiýanyň ABŞ-daky duşmanlary tarapyndan bilkastlaýyn kabul edildi"

ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň täze embargo kararyndan soň žurnalistlere beýanat beren Rýabkow, Russiýanyň ABŞ-nyň embargo kararyna degişli jogaby berjekdigini nygtady.

Rýabkow şol kararyň Russiýanyň ABŞ-daky duşmanlary tarapyndan bilkastlaýyn kabul edilen karardygyny nygtady we karary “iki taraply gatnaşyklaryň kadalaşmagyna zeper ýetirýän hereket” hökmünde häsiýetlendirdi.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary embargolara garamazdan resmi Moskwanyň ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny nygtady.

Dumanyň Halkara gatnaşyklar komitetiniň başlygy Leonid Slutsiý hem “Embargolaryň göwrüminiň giňeldilmegi iki taraply gatnaşyklaryň kadalaşmagy etabyna zeper ýetirýär” diýdi.



Degişli Habarlar