Owganystanda asuda ilat ýitgileri artýar

Owganystanda ýylyň ilkinji 6 aýynda guralan hüjümlerde asuda ilatdan 1662 adam ýogaldy

772691
Owganystanda asuda ilat ýitgileri artýar

BMG-niň Owganystan Ýardam missiýasyndan berilen beýanatda 1-nji ýanwar-30-njy iýun aralygynda guralan hüjümlerde asuda ilatdan ýogalan adamlaryň sany geçen ýylyň şol döwrüne garanyňda 2 göterim artandygy mälim edildi.

Ýogalan asuda ilatyň 67 göteriminiň hökümede garşy bolan toparlaryň guran hüjümlerinde ýogalandygy aýdylýan beýanatda ýogalan adamlaryň 596-synyň ýagny umumy ýogalan adamlaryň 43 göteriminiň Taliban tarapyndan guralan hüjümlerde ölendigi habar berildi.

Hüjümlerde ýogalan adamlaryň 19 göteriminiň Kabulyň ýaşaýjylaryndan ybaratdygy aýdylýan beýanatda Kabuldan soň asuda ilatyň iň köp öldürilen ýeriniň bolsa Nangarhar we Helmand welaýatlarynyň ýaşaýjylarydygy bellendi.

Beýanatda hüjümlerde ýogalan adamlaryň 174-iniň zenanlardan ybaratdygy mälim edildi.



Degişli Habarlar