Ýemende holera sebäpli ýogalýan adamlaryň sany gün saýyn artýar

Ýemende holera (Mergi) epidemiýasy sebäpli 27-nji aprelden bäri 1784 adam ýogaldy

Ýemende holera sebäpli ýogalýan adamlaryň sany gün saýyn artýar

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy beren ýazmaça beýanatynda Ýemende dünden bäri holera sebäpli ýene-de 14 adamyň ýogalandygy, ýurdyň 21 welaýatynda şu günki güne çenli jemi 1784 adamyň ýogalandygy bellendi.

Beýanatda 27-nji aprelden bäri 344 751 adamyň holera keseli bilen keselländigi mälim edildi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy düýn beren beýanatynda holera sebäpli 1770 adamyň ýogalandygyny habar berdi.


Etiketkalar: kesel , beýanat , epidemiýa , holera , Ýemen

Degişli Habarlar