Hamaneý Prezident Ruhana we hökümediň resmilerine ýüzlenip çykyş etdi

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý Prezident Hasan Ruhaniniň ýolbaşçylygyndaky hökümetden halkara platformalarda Ynkylap goragçylarynyň we Besiç güýjüniň şertleşik meselesi bolmaly däldigini belledi

751407
Hamaneý Prezident Ruhana we hökümediň resmilerine ýüzlenip çykyş etdi

Hamaneý paýtagt Tähranda Prezident Hasan Ruhana we hökümediň resmilerine ýüzlenip çykyş etdi.

Eýranyň dini lideri: “ABŞ-nyň Iýerusalim güýçlerimizi we serkerdämizi (Kasym Süleýmani) halamagynymy isleýärsiňiz? Elbetde halamazlar we dürli platformalarda şertleri öňe sürerler. Ynkylap goragçylary bu ýerde bolmasyn, bu ýerde Besiç görünmesin diýip şert goýmaklarynyň sebäbi Häkimiýet güýjüňiz meýdanda bolmasyn diýmekden ybarat. Biz onuň tersine hereket etmelidiris. Ýurdyň güýjüni goramalydyrys we goldamalydyrys” diýdi.

Ýadro gepleşikler babatynda Eýran tarapynyň ýeňillikler döredýändigini, ABŞ-nyň bolsa has hem köp ýeňillik isleýändigini aýdan Hamaneý ol ýurda ynanmaly däldigini nygtady.



Degişli Habarlar