Moritaniýa hem Katar bilen bolan gatnaşyklaryny bes etdi

Moritaniýanyň resmi habarlar gullugynyň berýän habaryna görä Kataryň alyp barýan syýasatyndan egilşik etmeýändigi sebäpli diplomatik gatnaşyklar bes edildi

747232
Moritaniýa hem Katar bilen bolan gatnaşyklaryny bes etdi

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada Moritaniýa Yslam Respublikasynyň elmydama araplaryň bähbidini goramak üçin berk pozisiýa eýeländigi nygtalýar.

Beýannamada Kataryň araplaryň umumy ýörelgelerine garşy durandygy, arap ýurtlarynda biynjalyklygy we dartgynlygy ýaýratmaga synanşýandygy, gumanitar pajyganyň ýüze çykmagyna sebäp bolandygy öňe sürülýär.

Saud Arabystany, Müsür, Bahreýn, Birleşen Arap Emirlikleri, Ýemen, Liwiýa we Maldiwler öňňin Katar bilen bolan ähli diplomatik gatnaşyklaryny bes edip, deňiz we howa sehetlerini ýapypdy.

Katarly diplomatlara ýurtlaryndan çykmaklary üçin 48 sagat, Kataryň raýatlaryna 14 gün möhlet berilipdi, Kataryň Saud Arabystanynyň öňbaşçylygynda Ýemende huslere garşy döreden Halkara hyzmatdaşlygyndaky işiniň tamamlanandygy habar berilipdi.

İordaniýa bolsa Katar bilen diplomatik gatnaşyklarynyň derejesini peseltmek we “Al Žazira” teleýaýlymynyň ýerli ofisini ýapmak barada karar kabul etdi.

Marokka Şalygynyň howaýollary hem Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny bes eden ýurtlara Dohanyň üstaşyr guraýan gatnawyny ýapdy.  


Etiketkalar: #Katar , #gatnaşyk , #bes etmek , #Doha

Degişli Habarlar