"Dünýä köp blokly ýagdaýa öwrüldi emma bu kynçylyklary çözmäge ýetmez"

BMG-nyň Baş sekretary San Peterburg şäherinde geçirlen Halkara ykdysadyýet forumyna gatnaşdy

744041
"Dünýä köp blokly ýagdaýa öwrüldi emma bu kynçylyklary çözmäge ýetmez"

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres dünýäniň köp blokly ýagdaýa öwrülendigini emma munyň kynçylyklary çözmäge ýetmeýändigini aýtdy.

BMG-nyň Baş sekretary Russiýanyň San Peterburg şäherinde geçirlen Halkara ykdysadyýet forumynyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde dünýäniň I-nji Jahan urşundan öň bolşy ýaly köp blokly ýagdaýa öwrülendigini ýatlatdy.

Köp blokly dolanşyk ulgamy kemçiligi sebäpli I-njy Jahan urşunyň başdan geçirlendigini ýatladan Guterres; “Şu günki günde hem ykdysadyýet we howpsyzlyk ýaly ugurlarda şol ýalňyşlygyň goýberilmegine ýol bermeli däldiris” diýdi.

BMG-nyň kanunlaryna üýtgetme girizilmegi bilen guramanyň has täsirli ýagdaýa getirilmelidigini nygtan Guterres ady agzalýan reformalaryň netijesinde terrora garşy göreşde ýurtlara uly goldaw berilmelidigine ünsi çekdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar