Hytaýyň Ýulin şäherinde “Ýulin It eti festiwaly” wagtlaýyn gadagdan edildi

Hytaýyň Ýulin şäherinde müňlerçe itiň öldürilmegine sebäp bolýan “Ýulin It eti festiwaly” wagtlaýyn gadagdan edildi

738354
Hytaýyň Ýulin şäherinde “Ýulin It eti festiwaly” wagtlaýyn gadagdan edildi

Kabul edilen kararyň çäginde bazarlarda, restoranlarda we köçelerde itiň etiniň satuwy gadagan edildi. Gadagançylyga gulak asmaýan kärhanalar we adamlar 15 müň dollar jerime tölemeli bolarlar.

Gadagançylyk 15-nji iýunda güýje girer.

Duo Duo Haýwanlary goramak taslamasynyň ýolbaşçysy Andrea Gung mesele barada: “Bu wagtlaýyn bir gadagançylyk bolsada, kararyň itiň etiniň satuwyny çökertmäge ýol açjak domino täsirine eýe boljakdygyny pikir edýäris” diýdi.

2010-njy ýylda geçirilmäge başlanan “Ýulin It eti festiwalynda” her ýyl takmynan 10-15-müň aralygynda pişigiň we itiň öldürilýändigi çak edilýär.



Degişli Habarlar