Awstraliýa raýatlaryna duýduryş berdi

Awstraliýanyň hökümeti Britaniýa gitjek we häzirki wagtda ol ýerde bolan raýatlaryna duýduryş berdi

738152
Awstraliýa raýatlaryna duýduryş berdi

Awstraliýanyň hökümeti Mançester Arena zalynda 22 adamyň ýogalmagy we 59 adamyň ýaralanmagy bilen netijelenen hüjümden soň Britaniýa syýahat etjek raýatlaryna duýduryş berip, ünsli bolmaklaryny isledi.

Awstraliýanyň Daşary işler we Söwda edarasyndan berilen ýazmaça beýanatda Britaniýanyň terror howpynyň iň ýokary görkezijisi bolan “Tankydy” derejesine çykarylandygy habar berilýär.

Britaniýa syýahat etmek isleýän we häzirki wagtda şol ýurtda bolan awstraliýalylardan Mançester Arenadan we onuň töwereginden uzak durmaklary islenýän beýanatda: “Şahsy howpsyzlygyňyz babatynda seresap boluň, medianyň we ýerli resmileriň duýduryşlaryna gulak asyň. Beýik Britaniýada häzirki wagtda has hem ünsli bolmagyňyzy maslahat berýäris” diýilýär.



Degişli Habarlar